“Mosul meselesi çözülýänçä çenli Türkiýe Başikadan çykmaz”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Yragyň Mosul şäheriniň meselesi çözülýänçä çenli, Türkiýäniň Başikadan çykmajakdygyny nygtady

590433
“Mosul meselesi çözülýänçä çenli Türkiýe Başikadan çykmaz”

Prezident Erdogan düýn Rize şäherinde Rejep Taýýip Erdogan uniwersitediniň Kongres we medeniýet merkezinde täze okuw ýylynyň açylyş dabarasy bilen baglanşykly geçirilen çärä gatnaşdy.

Dabarada “Yragyň Mosul şäheriniň ilatyny öz ykbalyna terk edip bilerismi?” diýip soran Erdogan Mosulyň taryhynda Türkiýäniň bardygyna ünsleri çekdi. Mosuly mosullylardan alyp, näbelli adamlara berilmek islenýändigini bellän Erdogan oňa ýok diýendiklerini, Mosulda mosullylaryň ýaşamaldygyny aýdandyklaryny habar berdi.

Erdogan Mosulda araplaryň, türkmenleriň we kürtleriň ýaşaýandygyny aýdyp, Mosula giren terror guramasy DAEŞ-e garşy göreş alyp barýan hyzmatdaş güýçleriniň Türkiýäniň Yragyň merkezi hökümetinden rugsat alan halatynda terror guramasy DAEŞ-e garşy operasiýa gatnaşyp biljekdigi baradaky sözleriniň kabul edilip bilinjek zat däldigini beýan etdi.

Yragyň merkezi hökümetiniň talabyna laýyklykda Türkiýäniň Başikada baza gurandygyny ýatladan Prezident Erdogan indi bolsa Türkiýäniň Başika bazasyny terk etdirmek islenýändigini, emma Türkiýäniň bazany terk etmek niýetiniň ýokdugyny mälim etdi.

“Mosul meselesi çözülýänçä çenli biz şol ýerde” diýen R.T. Erdogan 400 müň ilatly Telafer şäherindäki türkmen ilatyna hem ünsleri çekdi.

Telaferde asudalyk ýola goýulýança çenli Türkiýäniň sebitden çekilmejekdigini ähli taraplaryň bilmegini isleýändigini aýdan Prezident Erdogan: “Biz diplomatiki ýollar bilen ähli zatlary etmäge synanyşýarys. Etmegimizi hem dowam etdirýäris” diýdi.



Degişli Habarlar