" Mosul operasiýasyna Türkiýäniň gatnaşmagyny islemeýänler bar"

Prezident Erdogan Konýada saparda boldy

589984
" Mosul operasiýasyna Türkiýäniň gatnaşmagyny islemeýänler bar"

Prezident Erdogan Mosul operasiýasyna Türkiýäniň gatnaşmagyny islemeýänleriň bardygyny nygtady.

Konýa guran iş saparynyň çäginde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşan Prezident Erdogan resmi Bagdadyň çakylygyna laýyklykda terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşde ýerli güýçlere tälim berilmegi maksady bilen türk esgeriniň Yragyň Başika düşelgesine ornaşandygyny ýatlatdy we soňky günlerde türk esgeriniň Başikada iş alyp barmagyna nägilelik bildirýän Yrakly ýolbaşçylara garşylyk görkezdi.

Prezident Erdogan “Türkiýe islän  mahalyň gelýän, git diýen mahalyň gidýän ýurt däldir. Mosully doganlarymyz Türkiýäniň Siriýanyň Jarablus etrabyny DAIŞ-den saplamagyndan soň biz hem umytlanmaga başladyk diýýär”diýdi

DAIŞ-e garşy göreş meselesinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçen Prezident Erdogan Mosul operasiýasyna Türkiýäniň gatnaşmagyny islemeýän halkara jemgyýetçiligine garşylyk görkezdi.

Prezident Erdogan hyzmatdaş güýçleri bilen Türkiýäniň bilelikdäki kararyna laýyklykda Mosula operasiýa guralyp bilinjekdigini aýratyn belledi.

 



Degişli Habarlar