"Ýewropa ýurtlaryndaky daşary ýurt duşmançylygyna we rassizme alada bildirýäris"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ýewropa ýurtlaryndaky daşary ýurt duşmançylygyna we rassizme alada bildirýändiklerini aýtdy

576056
"Ýewropa ýurtlaryndaky daşary ýurt duşmançylygyna we rassizme alada bildirýäris"

 

BMG-nyň 71-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherine giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Medeniýetleriň Arkalaşygynyň Dostlar toparynyň ministrler derejesinde geçirlen maslahatyna gatnaşdy.

Çawuşogly maslahatda sözlän sözünde Günbatar Ýewropa ýurtlarynda musulmanlara we beýleki azlyklara garşy guralýan hüjümleriň ýokarlaýandygyny belledi.

Çawuşogly geçen ýyl Ýewropada we Demirgazyk Amerikada türklere garşy 108 hüjümiň guralandygyny ýatlatdy.

Terrorçylaryň we radikal toparlaryň jemgyýetdäki toparara bölünşikden peýdalanýandygyny aýdan Çawuşogly “Hüjümler diňe howpsyzlygymyza däl eýsem köpdürliligimize, esasy gymmatlyklarymyza we utgaşyklygymyza garşy guralýar” diýdi.

Bilimiň ähmiýeti hakynda durup geçen Çawuşogly, ýaş nesillere hoşniýetlilik we silag-hormat dersiniň berilmegini teklip etdi.

Pan Gi Mun hem 10 ýyldan bäri BMG-nyň Baş sekretary wezipesini ýerine ýetirýändigini we şol döwürde Medeniýetleriň Arkalaşygyna goldaw bermek üçin elinden geleni edendigini gürrüň berdi.

Pan Gi Mun Medeniýetleriň Arkalaşygynyň dostluk köprüleriniň gurulmagynda esasy jogapkärçiligi öz üstüne almalydygyny nygtady.



Degişli Habarlar