Türk ynsanperwer kömek guramalary dünyä dereýesinde iş alyp baryar

Türkiyedäki ynsanperwer kömek guramalary Gurban bayramynda onlarça müň gurban payyny dürli yurtlardaky yoksullara yetirdi

573864
Türk ynsanperwer kömek guramalary dünyä dereýesinde iş alyp baryar
ihh, yardım.jpg
yetim der yardım.jpg
yetim der yardım.jpg
türk kızılayı bosna hersek'te kurban eti dağıttı.jpg

Gurban eti bilen birlikde başga azyk harytlaryny hem paylan ýemgyyetçilik guramalary, sowgat eden egin-eşikleri bilen yetimleriň yüzüni güldürdi.

Türk yarym gyzylay ýemgyyeti şu yyl Gurban bayramynda Balkan yurtlarynda, Orta Aziyada, Afrikada, Yakyn Gündogarda we Günorta Aziyada 30 yurtda yoksullar üçin 80 müň pay gurbanlyk mal öldürtdi.

Yüz müňlerçe adamyň saçagyna gurban bereketi yetirildi. Kömekler yylyň ahyryna çenli dowam eder.

Türk Diyanat gaznasy bolsa Gurban bayramynyň dowamynda 239,414 pay gurbanlygy degişli yerlere yetirdi.

Ynsan hak we azatlyklary Ynsanperwer kömek gaznasy (İHH) şu yyl 43,155 pay gurbanlyk berdi. Yurduň içinde we daşynda iş alyp baran İHH 5 materikdäki 89 yurtda yyllyk işlerini yerine yetirdi.



Degişli Habarlar