Nemes halk deputatlarynyň İnjirlik bazasyna baryp görmeklerine rugsat berildi

Bu barada Wise-premýer Nurettin Janikli beýanat berdi

573469
Nemes halk deputatlarynyň İnjirlik bazasyna baryp görmeklerine rugsat berildi

Wise-premýer Nurettin Janikli ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi.

Janikli žurnalistleriň “Nemes halk deputatlarynyň İnjrilik harby bazasyna haçan baryp görjekdikleri” baradaky soragyna beren jogagynda: 1915-nji ýyldaky wakalar bilen baglylykda Germaniýanyň Parlamentiniň iýun aýynda kabul eden manysyz, hakykaty beýan etmeýän karary sebäpli bu sapara şu günki güne çenli rugsat berilmändigini ýatlady.

Emma mundan soň Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň kabul edilen kararyň “hukuky däl, syýasydygy” manysyny aňladýan beýanat berendigini ýatladan Janikli: “Merkel şol beýanatynda “aslyna seredilende geçirilen barlaglar, işler taryhy hakykatlara laýyk däl, dolulygyna syýasy sebäplerden kabul edilen karardygyny” aç-açan bolmasada beýan etdi. Şeýlelikde ol hem biziň tamamyzy ödedi” diýdi.

Mundan beýläk isleg bildirilen halatynda nemes halk deputatlarynyň İnjirlik harby howa bazasyna gelip görmeklerine rugsat beriljekdigini nygtan Nurettin Janikli, halk deputatlarynyň şeýle isleginiň bardygyny we oktýabr aýynda gelip görmekleri üçin Daşary işler ministrligi tarapyndan degişli rugsatlaryň berilendigini aýtdy.

Nurettin Janikli nemes halk deputatlarynyň şol rugsatdan peýdalanyp-peýdalanmajakdyklaryny bilmeýändigini, häzirki wagtda nemes halk deputatlaryynň İnjirlik harby howa bazasyna gelip görmekleriniň öňünde haýsydyr bir bökdençligiň galmandygyny nygtady.



Degişli Habarlar