"Adnan Menderes syýasy durmuşymyzda we halkymyzyň köňüllerinde öçmejek yz galdyrdy"

Prezident Erdogan merhum Premýer ministr Menderesiň asylyp öldürilmeginiň 55-nji ýylynda ýüzlenme çap etdi

572075
"Adnan Menderes syýasy durmuşymyzda we halkymyzyň köňüllerinde öçmejek yz galdyrdy"

 

Prezident R. T. Erdogan merhum Premýer ministr Adnan Menderesiň ýurduna we milletine eden hyzmatlary bilen hemişe uly hormat bilen hatyralanjakdygyny aýtdy.

Prezident Erdogan merhum Premýer ministr Adnan Menderesiň asylyp öldürilmeginiň 55-nji ýylynda ýüzlenme çap etdi.

Ýüzlenmesinde merhum Premýer ministr Menderesiň Türkiýäniň demokratiýa taryhynda esasy orun eýeleýän şahsyýetlerden biridigini nygtan Prezident Erdogan “Ýurdumyzyň galkynyşynda we demokratiýa taýdan ösmeginde esasy rol oýnan tanymal döwlet adamy Adnan Menderes syýasy durmuşymyzda we halkymyzyň köňüllerinde öçmejek yz galdyrdy” diýdi.

 



Degişli Habarlar