Kurtulmuş ABŞ-na saparyny dowam etdirýär

Wise-premýer Numan Kurtulmuş Fetullahçy terror guramasynyň ABŞ üçin hem demokratiýa howp döredip biljekdigini, çünki guramanyň özbaşdak gün tertibiniň bardygyny aýtdy

566862
Kurtulmuş ABŞ-na saparyny dowam etdirýär

Kurtulmuş Nýu-Ýorkdaky saparynyň çäginde Aziýa jemgyýeti atly ylmy barlag guramasynyň agzalaryna Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika sebitindäki wakalar bilen Türkiýäniň terrorçylyga garşy alyp barýan göreşi barada maglumat berdi.

Numan Kurtulmuş FETÖ-nin ABŞ bilen birlikde 170-den gowrak ýurtda iş alyp barýandygyny nygtap, guramanyň hem ABŞ-da hem-de başga ýurtlarda demokratiýa howp döredip biljekdigini duýdurdy.

FETÖ-niň ýolbaşçysynyň ABŞ-da ýaşaýandygyny ýatladan Kurtulmuş: “Bu öňki ymam özüni dünýäniň ymamy, ruhany lider hökmünde atlandyrýar. Bir görnüşli pygamberlik paranoýasyny başdan geçirýar” diýdi.

Kurtulmuş FETÖ-nin döwlet ulgamyndan saplanmagy üçin düýpli göreşiň dowam etjekdigini, şol bir wagtda-da hukugyň üstünliginiň, demokratik ýörelgeleriň we raýatlaryň azatlyklarynyň goraljakdygyny nygtady.

Türkiýäniň ABŞ-na Fetullah Güleniň terror guramasynyň lideridigini we agdarlyşyk bilen bolan baglanşygyny subut edýan köp sanly delil ugradandygyny nygtan Kurtulmuş, amerikaly ýolbaşçylaryň Güleniň berilmegi üçin içgin niýetlerini görmek isleýändiklerini belläp:”Amerikaly ýolbaşçylardan Güleni yzyna bermeklerini ýa-da hukuky işler tamamlanýança tussag etmeklerini isleýäris” diýdi.

Guramanyn Türkiýede awtokratik din döwletini gurmagy maksat edinendigini aýdan Kurtulmuş, agzalarynyň soňky 40 ýylyň dowamynda döwlet edaralarynyň içine siňendigini nygtady.

“Ýefrat galkany” operasiýasy barada-da maglumat beren Kurtulmuş Türkiýäniň DAİŞ-iň serketden çetleşip günorta gitmegini, PÝD-niň bolsa Ýefradyn gündogaryna çekilmegini üpjün etmek isleýändigini aýtdy.

Aziýa jemgyýetinde geçirilen duşuşykdan soň ABŞ-na guraýan sapary barada TRT-ä beýanat beren Wise-premýer Kurtulmuş, ABŞ-nyň PÝD we FETÖ meselesinde bir ýol saýlap almalydygyny aýtdy.

Kurtulmuş: “Amerikalylar şuny saýlap almaly bolar: FETÖ meselesinde 79 million ilatymyzmy ýa-da bärdäki däli we onuň daşyndaky tormy? Edil şonuň ýaly hem Siriýanyň demirgazygyndaky meseleler boýunça Türkiýäniň milli howpsyzlygymy, uzak ýyllardan bäri NATO-nyň çäginde hyzmatdaşlyk edilen ýurtmy, ýogsam häzirlikçe bar bolan, belkem ertir bolmajak, häzirlikçe ABŞ-nyň işine ýaraýan kiçijik terror guramasymy?” diýdi.



Degişli Habarlar