Çobanbeý etraby terror guramasy DAEŞ-den saplandy

Siriýanyň demirgazygyny terror guramasy DAEŞ-den saplamak maksady bilen başladylan Ýewfrat galkany operasiýasynyň çäginde Azat Siriýa goşuny Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň goldaw bermeginde öňe gidişlik edýär

Çobanbeý etraby terror guramasy DAEŞ-den saplandy

Azat Siriýa goşuny ikinji fronty açdy.

Esasy maksady Türkiýäniň günortasyny terrorçylardan saplamak bolup durýan Ýewfrat galkany operasiýasynyň çäginde Çobanbeý etraby hem terror guramasy DAEŞ-e agza terrorçylardan saplandy.

Sebiti saplan Azet Siriýa goşuny Çobanbeý etrabynyň günortasyna we gündogaryna tarap hereket edýär.

Operasiýanyň 12-nji gününde gözegçilik astyna alynan sebitleriň sany 10-a ýetdi.

Beýleki tarapdan Çobanbeý etrabynyň Rai diýilen ýerinde ýaralanyp Türkiýäniň Kilis welaýatyna getirilen Azat Siriýa goşunyna agza 19 esgerň 1-i hassahanada ýogaldy.



Degişli Habarlar