Türkiýäniň Prezidenti Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirýär

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan G20 maslahatyna gatnaşmak üçin giden Hytaý Halk Respublikasynda Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirýär

564634
Türkiýäniň Prezidenti Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirýär

 

Erdogan Putin bilen sebitleýin we syýasy meseleleri ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýdyp, Russiýa bilen energetika ugurda durmuşa geçiriljek ädimleriň gatnaşyklary has hem güýçlendirjekdigini mälim etdi.

Rus lider 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyndan soň, Türkiýäniň tiz ýagdaýda kadalaşmak etabyna girendigini aýdyp, ony hoşallyk bilen kabul edendigini habar berdi.

Putin terrora garşy göreş alyp barýan Türkiýäniň kyn pursatlary başyndan geçirýändigini, wajyp howplar bilen ýüz-ýüze gelendigini belledi.

Iki lider Türkiýäniň howa giňişligini bozan rus uçarynyň urulyp ýere gaçyrylmagy bilen başlan krizisden bäri ilkinji gezek 9-njy awgustda Sankt-Peterburg şäherinde duşuşypdylar.

 



Degişli Habarlar