Ýyldyrym: “Terror guramasy PÝD Ýewfrat derýasynyň gündogaryna çekilsin”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Siriýadaky Ýewfrat galkany operasiýasynyň terror howpynyň doly ortadan aýrylýança çenli dowam etdiriljekdigini belläp, Türkiýäniň terror guramasy PÝD-niň Ýewfrat derýasynyň gündogaryna çekilmelidigini nygtady

562485
Ýyldyrym: “Terror guramasy PÝD Ýewfrat derýasynyň gündogaryna çekilsin”

Binali Ýyldyrym Ankarada Keçiören metrosynyň barlaglary bilen baglanşykly geçirilen çärede halka ýüzlendi.

Keçiören metrosynyň gurluşygynyň tamamlanan wagty Ankaradaky metronyň uzynlygynyň 64 kilometre ýetjekdigini aýdan Ýyldyrym: “Operasiýalar terrorçylardan doly saplanýança, serhetlerimize, topraklarymyza we raýatlarymyza garşy howplar dolulygyna aýrylýança çenli dowam eder. PÝD/ÝPG bular PKK-nyň goly bolan terror guramalarydyr. Bir at güýçden gaçyp ugranda, başga bir at bilen ýüze çykýarlar. Adamlar şol bir adamlardyr. Bular Türkiýäniň, sebitiň janyny ýakan terror guramalarydyr” diýdi.

Terrora garşy göreşiň erjellik bilen dowam etdiriljekdigini aýdan Ýyldyrym: “Bular Siriýada Ýewfrat derýasynyň gündogaryna, gelen ýerlerine gitmeli. ABŞ şol babatda ýurdumyza ençeme gezek söz berdi. Beren sözlerini üýtgetmeklerine garaşmaýarys” diýip belledi.

Terror guramalarynyň şol bir akyl tarapyndan dolandyrylýandygyna ünsi çeken Binali Ýyldyrym: “Haýsy terror guramasy gelse gelsin. Garşyňyzda duran 79 million watan öwlady bar. Nesip bolsa bu millet eýe çykdygy saýyn, hiç bir gurama bu ýurtda, bu topraklarda barlygyny dowam etdirip bilmez” diýdi.



Degişli Habarlar