Türk ýaragly güýçleriniň terrorçylara garşy guraýan operasiýalary dowam edýär

Ýefrat Galkany operasiýasynyň çäginde 21 nyşana 108 hüjüm guraldy

561832
Türk ýaragly güýçleriniň  terrorçylara garşy guraýan operasiýalary dowam edýär

Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda terrorçylara garşy guraýan operasiýalary dowam edýär.

Türk ýaragly güýçleri bilen Siriýada hyzmatdaş güýçleriniň goldaw bermeginde Azat Siriýa goşuny tarapyndan guralýan Ýefrat Galkany operasiýasynyň çäginde düýn sagat 16.30-dan başlap Jarablusda we töwereklerinde terrorçylara degişlidigi anyklanan 21 nyşana 108 hüjüm guraldy.

Beýleki tarapdan Türk ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygynda hem terror guramasy PKK-a garşy howa hüjümini gurady.

Hüjümde Awaşin-Basýan etraplarynda PKK-a degişli ýerler 4 harby uçar tarapyndan bombalandy.

 



Degişli Habarlar