Prezident Erdogan ýeňiş baýramy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

“Operasiýalarymyz DAIŞ, PKK we onuň Siriýadaky bölümi ÝPG ýaly terror guramalary raýatlarymyz üçin howply bolmakdan çykýança dowam eder”

Prezident Erdogan ýeňiş baýramy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Prezident R. T. Erdogan 30-njy awgust ýeňiş baýramy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Prezident R. T. Erdogan Türkiýäniň raýatlarynyň howpsyzlygy we ýurduň bitewiligi üçin terror guramalaryna garşy goňşy ýurtlarda hem çäre görmäge dowam etjekdigini nygtady.

Ýüzlenmesinde Jarablusa guralýan operasiýa hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan; “Operasiýalarymyz DAIŞ, PKK we onuň Siriýadaky bölümi ÝPG ýaly terror guramalary raýatlarymyz üçin howply bolmakdan çykýança dowam eder” diýdi.

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde Türkiýäniň galkynyşynyň öňüni almak isleýän terror guramalarynyň hyýanatçylykly hüjümlerine garamazdan jebislikde we bitewilikde tutanýerli göreşini dowam etdirjekdigine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan “30-njy awgust ýeňiş baýramy esasan hem şu günki günde ýurdumyzyň bitewiligini, jebisligini we territorial bitewiligini nyşana alan terror guramalaryna garşy alyp barýan göreşiniň görkezijisidir” diýdi.

 



Degişli Habarlar