Siriýanyň Jerablus sebitinde 1 türk esger şehit boldy

Hadysada şeýle hem 3 esger ýaralandy

Siriýanyň Jerablus sebitinde 1 türk esger şehit boldy

Siriýanyň Jerablus sebitinde dowam edýän Ýewfrat Galkany atly operasiýa gatnaşan 2 taňk aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly PÝD-ä agza bolan terrorçylar tarapyndan nyşana alyndy. Hadysada 1 esger şehit boldy.

Terrorçylaryň Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli taňklara raketa bilen hüjüm guramagy netijesinde şeýle hem 3 esger ýaralandy.

Şehit bolan esger we ýaralanan esgerler dik uçar arkaly Türkiýä alynyp gelindi.

Wakadan soň nyşana alynan terrorçylaryň ýerlerine gaubisalar arkaly od açyldy.

Beýleki tarapdan Azat Siriýa goşunynyň Jerblusdaky öňe gidişligi Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň goldaw bermegi bilen dowam edýär.

 



Degişli Habarlar