ABŞ-nyň Prezidenti Baýden Çankaýa köşkünde Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy

Baýden Duşuşykdan soň geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda ýurdunyň Türkiýede başdan geçirilen agdarlyşyk synanşygyny öňünde bilýändigi baradaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini nygtap: “15-nji iýulda başdan geçirilen agdarlyşyk synanşygyny ýa

558598
ABŞ-nyň Prezidenti Baýden Çankaýa köşkünde Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkiýäni elmydama goldandygyny nygtan Baýden ýurdunyň türk halkynyň batyrgaýlygyna haýran galandygyny aýtdy.

Jo Baýden FETÖ/PDÝ-niň ýolbaşçysy Güleniň yzyna berilmegi barasynda bolsa: “Biz ýolbaşçylar bilen hyzmatdaşlyk edýäris, hukukçylarymyz bilelikde işleşýär, biziň haýsydyr bir görnüşde hyzmatdaşymyza zyýan ýetiren adamy goramak niýetimiz ýok” diýdi.

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Baýden FETÖ/PDÝ-niň ýolbaşçysy Güleniň yzyna berilmegi üçin Amerikan kazyýetlerine ýüz tutjakdyklaryny we onuň üçin wagt gerekdigini nygtady.

Bilelikdäki metbugat ýygnagynda Gaziantepdäki terror hüjümleri barada-da durup geçen baýden, onuň adamkärçilige sygmaýan barbarlykdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Baýden Jarablusdaky “Ýefrat galkany” opersaiýasynda DAİŞ-e garşy bilelikde işleşiljekdigini, ÝPG-ä degişli güýçleriň Ýefrat derýasynyň beýleki tarapyna geçmeli däldigini, eger şeýle bolan halatynda ABŞ-dan goldaw almajakdyklaryny aýtdy.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym bolsa ABŞ-nyň Wise-prezidentini Ankarada myhman almagyň buýsandyryjy wakadygyny nygtady.

Saparyň dowamynda 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy bilen birlikde sebitleýin meselelerde pikir alyşandyklaryny aýdan Premýer ministr: “Bu pespäl agdarlyşyk synanşygynyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň degişli çäreler görülip, ýurdumyza berilmegi üçin işe girişildi. Biz bu taýda ähli hukuky işleriň wagty ýitirilmezden ýerine ýetirilmegine we degişli netijäniň çykarylmagyna garaşýarys” diýdi.

Siriýadaky şertleriň amatsyzdygyny, 500 müňe golaý adamyň ýogalandygyny aýdan Premýer ministr: “Bu taýda iki möhüm husus bar. Birinjisi Siriýanyň territorial bitewiliginiň goralmagy we etniki halklaryň bölünmezligi. Günorta serhedimizde täze bir kürt toparlanşygynyň döredilmegini kabul etmeýäris” diýdi.

Jo Baýden Prezident R.T.Erdogan tarapyndan hem kabul ediler. Duşuşyk metbugata ýapyk häsýetde geçiriler.



Degişli Habarlar