Türkiýäniň Premýer ministri Siriýanyň territorial bütewiliginiň goralmalydygyny nygtady

Premýer ministri Binali Ýyldyrym Çankaýa köşgünde geçirilen Ministler kabinetiniň mejlisinde berilen arakesmede metbugat işgärlerine beýanat berdi

557282
Türkiýäniň Premýer ministri Siriýanyň territorial bütewiliginiň goralmalydygyny nygtady

Siriýanyň territorial bütewiligine diňe Türkiýäniň däl, Eýranyň hem ähmiýet berýändigini bellän Premýer ministr Ýyldyrym uly weýrançylygy  başyndan geçirýän Siriýanyň bölünmäge garşy göreşmegiň güýjiniň galmandygyna ünsi çekdi.

Siriýanyň halkynyň geljegine eýe boljak ýeke täk Siriýa döwletiniň bolmagynyň, ähli etniki toparlar wekilçilik etjek bir dolanşygyň döredilmeginiň zerurdygyny aýdan Binali Ýyldyrym: “Goňşy ýurt hökmünde Türkiýe, arabaglanşygy bolan başda Eýran bolmak bilen Russiýa, Amerika, hatda kabir Pars aýlagy ýurtlary we Saud Arabytsanyň hem rol aljak model bilen mundan beýläk wagt ýitirmezden Siriýada täze sahypanyň açylmagy örän wajypdyr” diýdi.

Ysraýylyň Gaza sebitine garşy guraýan howa hüjümleri bilen baglanşykly söz sözlän Premýer ministr Ýyldyrym asuda ilata garşy guralýan bu hüjümleri tassyklamaýandyklaryny beýan etdi.

Premýer ministr: “Biziň Ysraýyl bilen gatnaşyklarymyzyň kadalaşmagy palestinalylaryň dogry işlerine garşy pozisiýamyza, olar bilen bilelikde hereket etmegimize hiç haçan päsgel bermez, saklap bilmez” diýip belledi.

Türkiýe-Müsür gatnaşyklaryny göz öňünde tutup: “Biz Müsür bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmegiň tarapdary” diýen Binali Ýyldyrym: “Müsür medeni gymmatlyklary biziňki bilen meňzeş bir ýurtdyr, halklarymyz dogandyr. Hökümetleriň arasyndaky ylalaşmazçylyklar halklarymyzyň gatnaşyklaryna zeper ýetirmeli däldir” diýdi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym mundan başgada ýurduň Gündogar we Günorta-gündogar sebitlerine goýuljak maýalar, höweslendirme we goldaw taslamalaryny tamamlandyklaryny we öňümizdäki günlerde halka mälim etjekdilerini habar berdi.



Degişli Habarlar