Türkiýäniň Prezidenti we Premýer ministri Gaziantepdäki hüjüme reaksiýa bildirdiler

Prezident R.T. Erdogan Türkiýä güýçleri ýetmeýänleriň etniki we messepçilik bilen türk raýatlaryny biri-birine garşy öjükdirmäge synanyşýanlaryň ssenariýalarynyň başa barmajakdygyny belledi

555997
Türkiýäniň Prezidenti we Premýer ministri Gaziantepdäki hüjüme reaksiýa bildirdiler

Gaziantep şäherindäki terrorçylykly hüjümi ýazgarýan Prezident Erdogan şehit bolan adamlara Alladan rehnet, dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi.

Türkiýäni nyşana alýan terror guramalarynyň arasynda tapawut ýokdugyny aýdan Erdogan: “Ýene-de bir gezek ýurdumyz we milletimiz üçin 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynyň we ol gün gije ýogalan 240 raýatymyzyň jogapkäri Fetullahçy terror guramasy bilen, diňe soňky 1 aýda esgerlerden, polisiýa işgärlerinden we obanyň goragçylaryndan ybarat 70 howpsyzlyk güýjimiziň ganhory terror guramasy PKK bilen we Gaziantep hüjüminiň ähtimal jogapkäri terror guramasy DAEŞ-iň arasynda hiç hili tapawudyň ýokdugyna ünsleri çekmek isleýärin” diýip nygtady.

Terror guramalarynyň we olaryň arkasyndaky güýçleriň maksadyna ýetmejekdigini aýdan Prezident Erdogan: “Bu guramalary biziň ýurdumyzyň we milletimiziň üstüne hüjüm guratdyrýanlara garşy berjek ýüzlenmämiz: Maksadyňyza ýetip bilmersiňiz! Türkiýede azanlaryň seslerini aýyrmaga, baýdagy aşak indirmäge, watany bölmäge, milletimizi bölek-bölek etmäge, ol eli ganly guramalaryň we arkalaryndaky güýçleriň demi we sabyry hem ýetmez” diýip mälim etdi.

Gaziantepde guralan meňzeş hyýanatçylykly oýunyň şowly bolmajakdygyna ünsi çeken Erdogan Türkiýä güýçleri ýetmeýänleriň etniki we messepçilik bilen türk raýatlaryny biri-birine garşy öjükdirmäge synanyşýanlaryň ssenariýalarynyň başa barmajakdygyny belledi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym hem beren ýazmaça beýanatynda hüjümi ýazgardy.

Premýer ministr: “Toýlaryň birinde bombaly hüjüm guran, adamzada duşman bolan terror hiç hili gymmatlyk bilmeýän ýüzüni bu gezek toý dabarasyny ýasa öwürip görkezdi” diýdi.

Terrora garşy göreşiň erjellik bilen dowam etdiriljekdigini bellän Premýer ministr Ýyldyrym Türkiýäniň birligini we jebilsigini hiç kimiň bozup bilmejekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar