Gaziantebiň Siriýa serhedindäki käbir ýerler howpsyz zolak hökmünde yglan edildi

Türkiýäniň Gaziantep welaýatynyň Siriýa serhedindäki käbir ýerler 15 gün möhlet bilen “Ýörite howpsyz zolak” hökmünde yglan edildi

556040
Gaziantebiň Siriýa serhedindäki käbir ýerler howpsyz zolak hökmünde yglan edildi

Gaziantep gubernatorlygy tarapyndan berilen beýanata görä Siriýa serhedindäki käbir ýerler howpsyzlyk çärelerini artdyrmak, raýatlaryň we olaryň emläkleriniň howpsyzlygyny bolmagy ähtimal hüjümlere garşy goramak üçin howpsyz zolak hökmünde yglan edildi.
Şol çäkde Karakamyş etrabynyň Beşkylyç-Türkýurdu arasynda bolan Siriýa serhetdeş zolaklar 3-nji sentýabr sagat 17:00-a çenli 15 gün möhlet bilen howpsyz zolak hökmünde yglan edildi.

Beýanatda: “Ýörite howpsyz zolak hökmünde yglan edilen ýerlerde ähli görnüşli ulaglaryň we adamlaryň girip-çykmaklarynyň gözegçiligi, gerek bolan halatynda gadagan edilmegi we gerek bolan howpsyzlyk çäreleriniň artdyrylmagy welaýat Žandarmeriýasy we Içeri işler müdürligi tarapyndan ýerine ýetiriler” diýip habar berildi.



Degişli Habarlar