Terrorçylykly hüjümlere berk reaksiýa görkezilýär

Terror guramasy PKK-nyň Elazyg, Wan we Bitlis welaýatynda guran hüjümlerine döwlet ýolbaşçylary berk reaksiýa bildirdi

554720
Terrorçylykly hüjümlere berk reaksiýa görkezilýär

Prezident R.T.Erdogan Elazyg welaýat İçeri işler müdirligine guralan terrorçylykly hüjüm barada ýolbaşçylardan maglumat aldy.

Prezidente ýakyn çeşmelerden alynan maglumata görä Prezident Erdogan hüjüm habarynyň gelip gowuşmagyndan soň nobaty bilen Elazygyň gubernatory Murat Zorluogly, Premýer ministr Binali Ýyldyrym we Baş ştabyň başlygy Hulusi Akar bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan hüjümde şehit bolan polis gullukçylaryna alladan rehnet, ýaralylara bolsa şypa diledi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym bolsa Elazygda guralan terror hüjüminde soň welaýata baryp, seljeriş işlerini geçirdi.

Terror guramalarynyň egin-egine hyzmatdaşlyk edýändigini aýdan Ýyldyrym: “15-nji iýulda başdan gçeirilen netijesiz agdarlyşyk synanşygyndan son FETÖ indi güýjüni ýitirdi we wezipäni ekstremist terror guramasyna tabşyrdy” diýdi.

Ösüş ministri Lütfü Elwan, ÝB ministri Ömer Çelik we Adalat ministri Bekir Bozdag hüjümi berk ýazgardylar.

Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly Elazygda guralan bombaly hüjümden soň beren beýanatynda hökümete terrory ýok etmekleri üçin ähli goldawy bermäge taýardyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar