Aýralykçy terror guramasy PKK Içeri işler müdürligine hüjüm gurady

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 3 adam ýogaldy, 100-den gowrak adam ýaralandy

554354
Aýralykçy terror guramasy PKK Içeri işler müdürligine hüjüm gurady

Elazyg welaýatynyň Içeri işler müdürliginiň öňünde bomba ýüklenen ulagyň partladylmagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 3 polisiýa işgäri şehit boldy.

Wakadan 10-synyň ýagdaýy agyr bolan 100-den gowrak adam ýaralandy.

Terrorçylar bomba ýüklenen ulagy şäheriň merkezine 6 km uzaklykda ýerleşýän 4 gatly Içeri işler müdürliginiň binasynyň ulag duralgasynda partlatdylar.

Partlamanyň güýji bilen Içeri içeri işler müdürligine zeper ýetdi, agaçlar gopdy we bombanyň ýarylan ýerinde ullakan çukur emele geldi.



Degişli Habarlar