Türkiýe-Ysraýyl gatnaşyklary kadalaşma etabynda

Türkiýe bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyny öz içine alýan kanun taslamasy Türkiýäniň Beýik millet mejlisine hödürlendi

553897
Türkiýe-Ysraýyl gatnaşyklary kadalaşma etabynda

Ylalaşyga laýyklykda Ysraýyl 25 günüň dowamynda Türkiýä 20 million dollar kompensasiýa tölär.

Ysraýyla garşy gozgalan Mawy Marmara kazyýet işi yzyna alynar.

Iňlis, iwrit we türk dillerinde taýarlanan ylalaşyk tekstinde düşünişmezçilik bolan halatynda, iňlis dili esas dil hökmünde kabul ediler.

Şu hepdäniň başynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly oppozisioner partiýalarayň liderlerine meselä goldaw bermegini isläpdi.

Ylalaşyk bilen baglanşykly kanun taslamasy 17:00-da Daşary işler komissiýasynda ara alynyp maslahatlaşylar.



Degişli Habarlar