Güleniň Türkiýä yzyna berilmegi üçin başladylan kampaniýanyň çäginde 100 müň gol ýygnaldy

“Ak Tamyň goýan 100 müň gol şertini entek üçünji hepdäniň başynda ýerine ýetirendigimiz üçin buýsanýarys”

550411
Güleniň Türkiýä yzyna berilmegi üçin başladylan kampaniýanyň çäginde 100 müň gol ýygnaldy
abd 100 bin imza.jpg

Fetullahçy terror guramasy-Paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň Türkiýä yzyna berilmegi üçin Ak Tamyň resmi internet saýtynda başladylan kampaniýanyň çäginde 100 müň gol ýygnaldy.

Gol ýygnama kampaniýasyny başladan ABŞ-daky türk jemgyýetiniň wekilleri kampaniýanyň üstünlikli tamamlanmagy sebäpli Nýu Ýorkda metbugata beýanat berdi.

Gol ýygnama kampaniýasyny başladan “Türkiýe” atly toparyň adyndan beýanat beren Jahit Oktaý, kampaniýanyň möhletinden ir üstünlikli tamamlanandygyny aýtdy.

Oktaý “Ak Tamyň goýan 100 müň gol şertini entek üçünji hepdäniň başynda ýerine ýetirendigimiz üçin buýsanýarys” diýdi.

Türk işewür adamy we meýletini İbrahim Kurtuluş iňlis dilinde eden çykyşynda Güleniň gyssagly Türkiýä yzyna berilmelidigini aýtdy.

Türk halkynyň adalat isleýändigini aýdan Kurtuluş “Prezident Barak Obamany NATO hyzmatdaşy Türkiýe Respublikasyna goldaw bermäge çagyrýarys. Jorj W. Buşyň aýdyşy ýaly “Siz terrorçynyň ýanyndamysyňyz ýada biziň ýanymyzda?” diýdi



Degişli Habarlar