Prezident Erdogan Putin bilen duşuşygynda täze sahypanyň açyljakdygyny belledi

Türkiýäniň Premýer ministri Rejep Taýýip Erdogan Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen 9-njy awgustda geçirjek duşuşygynda täze bir sahypanyň açyljakdygyny mälim etdi

546951
Prezident Erdogan Putin bilen duşuşygynda täze sahypanyň açyljakdygyny belledi

Erdogan Russiýanyň Tass habarlar gullugyna sişenbe güni gurajak sapary barada beýanat berdi.

Prezident Erdogan: “Dostum Putin bilen duşuşygymdan soň gatnaşyklarymyzda täze sahypa açylar” diýdi.

Tass habarlar gullugyna 1 gün ozal beýanat beren Prezidentiň metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn Türk-Rus gatnaşyklarynyň kadalaşmak etabynyň Prezident Erdogan bilen Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň erjelliginiň we sagdyn pikirliliginiň saýasynda başlandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar