Demokratiýa we Şehitler mitingi Ýenikapy meýdançasynda başlady

Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanyşygyndan soň ençeme gün bäri dowam edýän demokratiýa nobatlarynyň iň ahyrkysy Ýenikapy meýdanynda geçirilýär

546754
Demokratiýa we Şehitler mitingi Ýenikapy meýdançasynda başlady

Ýenikapy meýdançasynda geçirilýän we 3 milliondan gowrak adam gatnaşýan mitingde birlik we jebislik ýüzlenmesi berilýär.

Demokratiýa we Şehitler mitingi üçin gelen ýüzmüňlerçe adam meýdançany doldurdylar.

Ýenikapy merto duralgasynyň çykalgasynda ýaragly agdarlyşyk synanyşygynda şehit bolan adamlaryň suratlary asyldy.

Prezident diwanynyň hemaýat bermeginde geçiriljek taryhy mitinge Premýer ministr Binali Ýyldyrym, Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly we Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli gatnaşýar.

Baş ştabyň başlygy Hulusi Akar hem serkerdeler bilen bilelikde mitinge gatnaşýar.

Mundan başgada sungat we sport dünýäsiniň meşhur adamlary mitinge gatnaşýar.

Taryhy miting sebäpli giň-gerimli howpsyzlyk çäreleri görüldi.

Polisiýa gullugynyň 15 müň işgäri we 15 müň howpsyzlyk güýji meýdanda howpsyzlyk çärelerini görýärler.

Mitinge gelen adamlar meýdança 3 esasy gapydan girdiler..

Maýyplar üçin bolsa aýry girelgeler bar.

Transport üçin 7 müň awtobus aýyryp goýuldy.

50 sany gämi günüň dowamynda saparlar gurar.

Mitingde 728 lukman bar.

Mitingde 239 şehide wekilçilik etjek 239 adamdan ybarat mehteran topary konsert berip çykyş eder.

Demokratiýa we Şehitler mitingi üçin Prezident R.T. Erdogan we Premýer ministr Binali Ýyldyrym özleriniň twitter hasabynda adamlara mitinge gatnaşmak üçin çagyryş berdi.

#TekMilletTekYürek haştagy bilen çagyryş berilen adamlar Ýenikapy meýdançasyna gelmek üçin çakylyk iberildi.

Beýleki tarapdan TRT Prezidentiň ýolbaşçylygyndaky Ýenikapy meýdançasynda geçirilýän Demokratiýa we Şehitler mitingini sosial media arkaly 7 aýry dilde ýaýlym berýär.

Telewideniýe kanallaryndaky göni ýaýlym bilen birlikde miting şeýle hem youtube saýtynyň üsti bilen türk, iňlis, fransuz, ispan, nemes, rus we arap dillerinde görkezilýär . Göni ýaýlym Türkiýäniň wagty bilen sagat 17:00-da görkezilmäge başlandy.



Degişli Habarlar