ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy şu gün resmi sapar bilen Ankara geler

Dunford Premýer ministr Binaly Ýyldyrym tarapyndan Çankaýa köşgünde kabul ediler

542015
ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy  şu gün resmi sapar bilen Ankara geler

ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Žozef Dunford şu gün resmi sapar bilen Ankara geler.

ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Dunford Premýer ministr Binaly Ýyldyrym tarapyndan Çankaýa köşgünde kabul ediler.

Baş ştabyň başlygy Hulusi Akar bolsa amerikaly kärdeşinden Fetullahçy terror guramasy-Paralel döwlat ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň jogapkäri Fetullah Gulenyň yzyna berilmegi üçin tagalla etmegini islär.

ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Žozef Dunfordyň İnjirlik harby bazasyndaky amerikaly esgerler bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

 

 



Degişli Habarlar