Guryýer goşuny, Harby flot we Harby howa güýçleri Goranmak ministrligine degişli edildi

Fetullahçy terror guramasy Pararlel döwlet ulgamynyň agdarlyşyk synanyşygyndan soň 3-nji Adatdan daşary ýagdaý kararnamasy çap edildi

541512
Guryýer goşuny, Harby flot we Harby howa güýçleri Goranmak ministrligine degişli edildi
ohal khk tsk3.jpg
ohal khk tsk1.jpg
ohal khk tsk.jpg

Kararnamada Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň gurluşynyň üýtgedilmegi bilen baglanşykly wajyp düzgünnamalar bar.

Şoňa laýyklykda Guryýer goşuny, Harby deňiz güýçleri we Harby howa güýçleri Milli Goranmak ministrligine degişli edildi.

Resmi gazediň şu günki sanynda “Adatdan daşary ýagdaýyň çäginde käbir çäreleriň görülmegi we Milli Goranmak uniwersitediniň döredilmegi bilen käbir kanunlara üýtgeşme girizmeklik bilen baglanşykly kanun hökmünde kararnamanyň” çäginde serkerdelikler Milli Goranmak ministrliginiň düzümine degişli edildi.

Prezident we Premýer ministr gerek bolan halatynda harby güýçlerden we olara degişli ýerlerden gönüden-güni maglumat alyp biljekdigi we olara gönüden-göni buýruk berip biljekdigi, berilen buýrugyň hiç bir resminiň tassyklamagyny almazdan göni ýerine ýetirjekdigi hem kararnama degişli edildi.

Kanun hökmünde kararnama bilen Milli Goranmak ministrliginiň çäginde Milli Goranmak uniwersitedi ady bilen täze uniwersitet döredildi.

Milli Goranmak uniwersitedi rektorlyga degişli bolup, ofiser ýetişdirmek we magistratura bilimini bermek maksady bilen täze döredilen Guryýer, Harby-deňiz güýçleri we Harby howa güýçleri mekdeplerinden, harby mekdeplerden ybarat bolar.

Harby akademiýalar, harby liseýler we kiçi ofiserleri ýetişdirýän mekdepler dolulygyna ýapyldy.

Kanun hökmünde kararnamanyň çäginde Gülhana harby lukmançylyk akademiýasy we harby hassahanalar Saglygy goraýyş ministrliginiň düzümine degişli edildi.



Degişli Habarlar