ABŞ-na Güleniň agdarlyşyk synanşygynyň jogapkärdigi hakynda maglumat berildi

Adalat ministrligi ikinji gezek ABŞ-nyň Adalat ministrligine hat ýazyp, Fetullah Güleniň  Türkiýede 15-nji iýulda guralan agdarlyşyk synanşygynyň jogapkärdigini malim etdi

541168
ABŞ-na Güleniň agdarlyşyk synanşygynyň jogapkärdigi hakynda maglumat berildi

Türkiýe ABŞ-dan Fetullahçy terror guramasy-Paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna berilýançä wagtlaýyn 60 gün tussaglykda saklanmagy talaby bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyna we Adalat ministrligine hat ýazypdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyna ýazylan hatda Guleniň Türkiýä gaýtarlyp berilmegi talap edildi we hukuky etap hakynda Türkiýe Respublikasyna maglumat berilmegi islendi.

Adalat ministrligine ýazylan hatda bolsa Güleniň tussag edilmegi talap edilipdi.

ABŞ-nyň Adalat ministrlinden gelen jogapda bolsa “Näme üçin gyssagly tussag edilmeli?” diýlip soralýar.

Başdan geçirlen wakalar sebapli Adalat ministrligi ikinji gezek ABŞ-nyň Adalat ministrligine hat ýazyp, Fetullah Güleniň  Türkiýede 15-nji iýulda guralan agdarlyşyk synanşygynyň jogapkärdigini malim etdi.

 Hatda şol garaýşy tassyklaýan synanşyga gatnaşan esgerleriň düşündirişlerine hem ýer berildi.

ABŞ-nyň ikinji hata berjek jogabyna sabyrsyzlyk bilen garaşylýar.



Degişli Habarlar