Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy bilen ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygynyň arasynda telefon söhbetdeşligi

Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy Hulusi Akar ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Ýozef Dunford bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

539006
Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy bilen ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygynyň arasynda telefon söhbetdeşligi

Alynan maglumata görä ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Dunfordyň Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanyşygyndan soň Hulusi Akara jaň edipdir, emma gürleşip bilmändir.

Hulusi Akar Dunforda 2 gün soň jaň etdi. Telefon söhbetdeşliginde Dunford Akara geçdigi bolsun diýdi. ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Dunford ondan soň Injirlikdäki we Diýarbakyrdaky bazalara elektrik togunyň we ýangyjyň berilmändigini belledi.

Edilen işleriň netijesinde mesele çözüldi.

Ýozef Dunford sag bolsun aýtmak üçin Hulusi Akara jaň etdi. Geçirilen ikinji telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy Akar Dunfortdan FETÖ terror guramasynyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna Türkiýä tabşyrylmagy babatynda goldaw bermegini isledi.



Degişli Habarlar