Efkan Ala: “Agdarlyşyk synanyşygyndan soň 8 müň 113 adam tussag edildi”

Türkiýäniň Içeri işler ministri Efkan Ala agdarlyşyk synanyşygyndan soň 8 müň 113 adamyň tussag edilendigini mälim etdi

538822
Efkan Ala: “Agdarlyşyk synanyşygyndan soň 8 müň 113 adam tussag edildi”

Hususy telewideniýeleriň birine ýaragly agdarlyşyk synanyşygy bilen baglanşykly tussag edilenler we göz tussaglygyna alynan adamlar barada beýanat beren Içeri işler ministri Efkan Ala 178-i general-admiral, 2 müň 728-i ofiser, 7 müň 106-sy esgerlerden ybarat bolan jemi 10 müň 12 harbynyň göz tussaglygyny alynandygyny habar berdi.

151-i general, 1 müň 656-sy ofiser bolmak bilen jemi 5 müň 266 harby tussag edildi.

Howpsyzlyk güýçlerinden 2 müň 901 polisiýa işgäri göz tussaglygyna alynyp, şolaryň 1 müň 19-y tussag edildi.

2 müň 167 kazy we prokuror göz tussaglygyna alynyp, şolaryň 1 müň 684-i tussag edildi.

Ministr Ala şol işi edenleriň jezalandyrylmagy we howpyň ortdan aýrylmagy üçin derňew işleriň dowam etdirilýändigini belledi.



Degişli Habarlar