Fetullah Gülen ABŞ tarapyndan Türkiýä gaýtarlyp berilmeli

Kalyn Nýu Ýork Taýmes gazetine “Agdarlyşygyň lideri hasap bermeli” söz başyly makala ýazdy

536884
Fetullah Gülen ABŞ tarapyndan Türkiýä gaýtarlyp berilmeli

Prezidentiň metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn FETÖ-nyň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanşygynyň jogapkäri guramanyn ýolbaşçysy Fetullah Güleniň ABŞ tarapyndan Türkiýä gaýtarlyp berilmelidigini nygtady.

Kalyn Nýu Ýork Taýmes gazetine “Agdarlyşygyň lideri hasap bermeli” söz başyly makala ýazdy.

15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň teatr oýunydy hakyndaky garaýyşlaryň 11-nji senýtabrdaky hüjümiň ABŞ tarapyndan guralandygy garaýşy ýaly asylsyzydygyny aýdan Kalyn, “synanşyga gatnaşanlaryň düşündirişleri we subutnamalary agdarlyşyk synanşygynyň lideri hökmünde Fetullah Güleni görkezýär”diýdi.

Kalyn FETÖ-na agza gullukçylaryň wezipelerinden çetleşdirilmeginiň hem Türkiýe Respublikasy döwletini has güýçli we aç-açan ýagdaýa getirendigini nygtady.

Terror guramasynyň (Gülenistleriň) 1980-njy ýyllardan bäri parahatçylyk isleýän ýaly hereket edendigini emma hemişe garaňky tarapynyň bardygyna ünsi çeken Kalyn, adalat we howpsyzlyk ulgamyna çenli gelip ulgamlary öz bähbitleri üçin peýdalanandyklaryny belledi.

Kalyn ABŞ-nyň iki ýurduň arasynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda Fetullah Güleni Türkiýä gaýtaryp bermelidigini ýatlatdy.

Ibrahim Kalyn türk halkynyň ýakyn taryhynda şu günki ýaly jebislikde hereket etmändigine ünsi çekdi, demokratiýalarda käbir garaýyş tapawutlylygynyň bolup biljekdigini emma 15-nji iýulda demokratiýadan, azatlykdan we hukugyň üstünden egilşik edilmejeldiginiň subut edilendigini aýtdy.

Kalyn türk halkynyň adalat isleýändigini we şeýle wakanyň indi gatýalanmazlygyny isleýändigini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar