Çawuşogly Güleniň tabşyrylmagy bilen baglanşykly etap üçin ABŞ-na gider

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly FETÖ-niň ýolbaşçysynyň yzyna tabşyrylmagy bilen baglanşykly etap üçin Amerikanyň paýtagty Waşingtona gider

535942
Çawuşogly Güleniň tabşyrylmagy bilen baglanşykly etap üçin ABŞ-na gider

Mewlüt Çawuşogly Adalat ministrligi tarapyndan 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanyşygy bilen baglanşykly delonyň taýarlanan mahaly amerikaly resmiler bilen ikiçäk duşuşmak isleýändigini belläpdi.

Çawuşogly hususy kanallaryň birinde gün tetibiniň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçip FETÖ-niň daşary ýurtdaky mekdepleriniň ýapylmagy üçin iş alyp barmaga başlajakdyklaryny nygtady.

Daşary işler ministri Çawuşogly harby agdarlyşyk synanyşygyndan soň Russiýadan güýçli goldaw alandyklaryny habar berdi.



Degişli Habarlar