Bozdag: "Kazyýetde we býurokratiýada belli derejede bolanlar agdarlyşyk synanşygyndan habarlydy"

Adalat ministri Bekir Bozdag kazyýetde we harby däl brýurokratiýada belli bir derejede bolanlaryň Fetullahçy terror guramasynyň agdarlyşyk synanşygyndan habarlydygyny aýtdy

536348
Bozdag: "Kazyýetde we býurokratiýada belli derejede bolanlar agdarlyşyk synanşygyndan habarlydy"

Bekir Bozdag: “Kazyýetde we harby däl beýleki býurokratiýada toparlaryn bu agdarlyşyk bilen haýsam bolsa bir görnüşde baglanşygynyň bardygyna doly ynanýaryn. Men kazyýetdäkileriň Ýokary Kazyýetde, Döwlet Geňeşinde we ýokary kazyýet organlaryndakylaryň, kazyýetde belli bir derejede bolanlaryň bu agdarlyşyk synanşygynyň anna güni guraljakdygyndan, adymy bilişim ýaly bilýändigine doly ynanýaryn” diýdi.

Bozdag ABŞ-nyň FETÖ-çi agdarlyşyk synanşygyndan habarly bolup-bolmandygy barasynda bolsa: “ABŞ-nyň hem bu agdarlyşygy Fetullah Güleniň guradygyny, Hormatly Obamanyň öz adyny nähili bilýän bolsa, edil şonuň ýaly bilýändigine doly ynantaryn. Amerikanyň howpsyzlyk gullugynyň bilýändigini bilýärin. ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň bilýändigine doly ynanýaryn. Ýagny indi bu meselede hiç hili ikirjiňlenmäniň bolmandygyna doly ynanýaryn” diýdi.

Adalat ministri amerikaly ýolbaşçylaryň Güleni goramaga, ABŞ-da saklamaga hakly sebäpleriniň bolmandygyny nygtap: “Eger şeýle bolsa ol syýasy netijedir” diýdi.

Bekir Bozdag agdarlyşyga synanşanlaryň kazyýet işleri barada bolsa kazyýet işleriniň bir ýerde jemlenmeginiň netijeli bolmajakdygy we gutarmajakdygy manysyny aňlatjakdygyny nygtap, kazyýet işleriniň aýry-aýry ýerlerde boljakgyny aýtdy.

Milli bilim ministri İsmet Ýylmaz bolsa FETÖ bilen arabaglanşygy sebäpli işden çykarylan mugallymlaryň ýerine şu ýyl 20 müňe golaý mugallymyň işe alynjakdygyny aýtdy.



Degişli Habarlar