Türkiýäniň 81 welaýatyndaky ähli metjitlerde Juma hutbasy okaldy

Agdarlyşyk synanşygynyň birinji hepdesinde Türkiýäniň 81 welaýatyndaky ähli metjitlerde Juma hutbasy okaldy

535334
Türkiýäniň 81 welaýatyndaky ähli metjitlerde Juma hutbasy okaldy

Din işleri edarasynyň başlygy Mehmet Görmez hem paýtagt Ankaradaky Kojatepe metjidinde Juma hutbasyny okady.

Mehmet Görmez “Gün jebislik günüdir” diýdi.

Hutbada “Hiçbir güýj Alla we watan söýgüsi bilen doly ýüreklerden has asgyn däldir” diýdi.

Görmez “15-nji iýul gijesi millet hökmünde taryhymyzyň iň agyr, iň uzyn we garaňky gijelerinden birini başdan geçirdik. Beýik biribarymyz halkymyzy jebisleşdirdi we halkymyz amanadyna eýe çykdy” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar