Premýer ministr Ýörite polis güýçleriniň merkezine we TÜRKSAT-a baryp gördi

FETÖ-agza terrorçylar tarapyndan atylan bombalar sebäpli 50 polis gullukçysy şehit bolupdy

535226
Premýer ministr Ýörite polis güýçleriniň merkezine we TÜRKSAT-a baryp gördi

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym harby agdarlyşyk synanşygynda terror guramasy FETÖ tarapyndan bombalanan Ankaranyň Gölbaşy etrabyndaky Ýörite polis güýçleriniň merkezine baryp gördi.

FETÖ-agza terrorçylar tarapyndan atylan bombalar sebäpli 50 polis gullukçysy şehit bolupdy.

Premýer ministr Ýyldyrym Ýörite polis güýçleriniň merkeziniň bombalanmagy FETÖ-nyň nähili rehimsizdigini görkezýändigini aýtdy.

Halkyň aladalanmaly däldigini aýdan Premýer ministr Ýyldyrym “Raýatlarymyzyň asudalygy we howpsyzlygy üpjün edildi. Ar almak üçin herekete geçmäge synanşanlar bolup biler. Olara garşy berk çäre gördük” diýdi.

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym ondan soň bolsa TÜRKSAT-a baryp gördi.

Binaly Ýyldyrym: “Esasy maksatlary ýaýlymlary kesmekdi, emma bomba atylan antena işlemeýärdi. TÜRKSAT-y simwolizirleýän antenany nyşana aldylar” diýip belledi.

Türkiýäniň Premýer ministri şeýle hem: “Gysga wagtlyk TRT-ni basyp aldylar. TÜRKSAT gysga wagtyň içinde TRT-niň ýaýlym bermeginiň öňüni aldy we şeýlelik bilen ýaýlym berip bilmediler. Harby agdarlyşygyň öňüniň alynmagynda az mümükinçilikleri bilen iş alyp baran işgärlere, watansöýüji doganlarymyza we ähli adamlara sag bolsun aýdýaryn. Harby agdarlyşygyň şowsuz bolmagynyň esasy sebäpleriniň biri hem ýaýlymlary kesip bilmänlikleridir” diýip mälim etdi.

 



Degişli Habarlar