Obama Gülen baradaky delonyň we delillerin düýpli seljeriljekdigini nygtady

Erdogan Obama bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

533204
Obama Gülen baradaky delonyň we delillerin düýpli seljeriljekdigini nygtady

 

Prezident Diwanyndan alynan maglumata görä Erdogan-Obama söhbetdeşligi agşam ara geçirildi.

Obama söhbetdeşlikde Türkiýäniň demokratiýasynyň ýanynda durýandyklaryny aýtdy.

Harby agdarlyşyk synanşygy boýunça ähli derňew işinde hyzmatdaşlyga taýardygyny hem nygtady.

Prezident Erdogan söhbetdeşlikde harby agdarlyşyk synanşygynyň arkasynda Fethullah terror guramasynyň durýandygyna ünsi çekdi.

Erdogan Fethullah Güleniň Türkiýä gaýtarylyp berilmegi meselesini hem gün tertibine getirdi.

Prezident degişli delonyň ABŞ-na gowşurlandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama hem Gülen baradaky delonyň we delillerin düýpli seljeriljekdigini nygtady.

Prezident Erdoganyň ABŞ-nyň Prezidenti Obama bilen geçiren telefon söhbetdeşliginden soň Ak Tamyň metbugat geňeşçisi FETÖ-niň ýolbaşçysy Fethullah Güleniň gaýtarylyp berilmegi üçin Türkiýeden edilen ýüz tutmanyn özlerine gelip gowşandygyny beýan etdi.

ABŞ-nıň Dövlet sekretarlıgınıň metbugat geňeşçisi Mark Toner hem Fetullahçı terror guramasınıň lideri Fetullah Güleniň Türkiyä gaytarlıp berilmegi baradakı delonıň selcerilcekdigini emma kararın gısga vagtda kabul edilip bilinmecekdigini nıgtap “Güleniň gaytarlıp berilmegi etabı bir gicede  gutarmaz” diydi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Mark Toner hem Fetullahçy terror guramasynyň lideri Fetullah Güleniň Türkiýä gaýtarlyp berilmegi baradaky delonyň seljeriljekdigini emma kararyn gysga wagtda kabul edilip bilinmejekdigini nygtap “Güleniň gaýtarlyp berilmegi etaby bir gijede  gutarmaz” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar