Halk demokratiýa nobatyny dowam etdirýär

Ellerine türk baýdagyny alan müňlerçe adam Gyzylaý meýdanyna geldi

533323
Halk  demokratiýa nobatyny dowam etdirýär

Halk Türkiýäniň 81 welaýatynda demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

Fetullahçy terror guramasynyň harby agdarlyşyk synanşygyna garşy Prezident R. T. Erdoganyň çagyryşyna laýyklykda ilkinji günden bäri meýdanlary boş goýmadyk halk Türkiýäniň 81 welaýatynda demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

Ankarada demokratiýa nobaty agaşmara ýaňadandan başlady.

Ellerine türk baýdagyny alan müňlerçe adam Gyzylaý meýdanyna geldi.

Beýleki tarapdan Beştepede Prezident kompleksiniň daş-töwereginde demokratiýa nobatyna duran we esasan hem agşamara sanlary barha köpelýän halk, Millet mejlisinde namazlaryny okaýar. Namazdan soň synanşykda şehit bolanlar üçin Gurhan okalyp, doga edilýär.

Stambulda hem agdarlyşyk synanşygyna garşy çykýan müňlerçe adam demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

Taksim meýdanyndaky demokratiýa nobatyna sungat ussatlary hem gatnaşdy.

Kysyklyda Prezident Erdoganyň öýüniň öňündäki meýdanda jemlenşen raýatlar agdarlyşyk synanşygyna garşy şygarlar aýtdylar

 


Etiketkalar: #demokratiýa , #nobat

Degişli Habarlar