Güleniň yzyna berilmegi üçin ABŞ-na 4 delo ugradyldy

Bu barasynda Premýer ministri beýanat berdi

532647
Güleniň yzyna berilmegi üçin ABŞ-na 4 delo ugradyldy

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Fethullahçy terror guramasynyň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanşygynyň esasy jogapkäri Fethullah Güleniň yzyna berilmegi üçin ABŞ-na 4 delo ugradandyklaryny aýtdy

Premýer ministr Ýyldyrym: “Bu parallel gurama indi haýsydyr bir ýurt üçin amatly oýnawaç däl” diýdi.

Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlisdäki toparynyň maslahatynda çykyş eden Premýer ministr Ýyldyrym, şu günki günde her bir adamyň, bütin dünýäniň FETO-nyň nähili howply, ýaragly terror guramasydygyny ýene-de bir gezek görendigini aýtdy.

Prezident Erdoganyň we özüniň terror baştutanynyň yzyna berilmegi üçin ABŞ-na çagyryş edendigini ýatladan Ýyldyrym, Adalat ministrliginiň yzyna berilmek talaby baradaky 4 delony Amerikan tarapynda ugradandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Güleniň yzyna berilmegi boýunça çemeleşmesini hem ýazgaran Ýyldyrym: “11-nji sentýabrda Goşa minaralar ýykylanda terrorçylary soranynyzda delilnama sorapmydyňyz? Guantanamoda-da şübheliler ýygnalanda eliňizde delil barmydy? Ben Ladin üçin delil soraman, Fethullah Gülen üçin –üssesine mesele aç-açan, deliller ortada- näme üçin delil isleňiz, size soraýan. Bu ganhory, dönügi, terror baştutanyny goramakdan el çekin. Onuň size peýdasy ýok, adamzada-da peýdasy ýok, yslamada peýdasy ýok. Bu parallel terror guramasy indi haýsydyr bir ýurt üçin amatly oýnatgy däl” diýdi.

Mejlis toparynyň maslahatyndan soň žurnalistlere beýanat beren Adalat ministr Bekir Bozdag bolsa Güleniň yzyna berilmegi boýunça 4 delonyň Amerikaly degişli ýolbaşçylara elektron şertlerde ýetirilendigini nygtady.

15-nji iýul şenbe gijesi FETÖ terrorçylarynyň gandöküşikli synanşygynyň üstünliksiz netijelenmeginden soň Stambulyň Prokuroturasy iki sany derňew işini başladyp, esasy şübheli hökmünde Fethullah Güleni görkezipdi.



Degişli Habarlar