Harby agdarlyşyk synanyşygyna gatnaşan 34 general we 6 müňe golaý esger göz tussaglygyna alyndy

Türkiýäniň Ýaragly güýçlerinden harby agdarlyşyk synanyşygyna gatnaşan 34 general we 6 müňe golaý esger göz tussaglygyna alyndy

531070
Harby agdarlyşyk synanyşygyna gatnaşan 34 general we 6 müňe golaý esger göz tussaglygyna alyndy

Adalat ministri Bekir Bozdag harby agdarlyşyk synanyşygy bilen baglanşykly geçirilýän derňew işiniň çäginde häzirki wagta çenli 6 müňe golaý adamyň göz tussaglygyna alynandygyny mälim etdi.

Bozdag derňew işiniň dowam edýändigini we göz tussaglygyna alynanlaryň sanynyň artjakdygyny habar berdi.

Harby agdarlyşyk synanyşygynda şeýle hem 34 general göz tussaglygyna alyndy.

Göz tussaglygyna alynanlaryň arasynda iň ýokary wezipeli adam II Goşunyň serkerdesi general Adem Huduti.

Şol bir wagtda Ýokary harby geňeşiň agzasy Harby howa güýçleriň ozalky serkerdesi general Akyn Öztürke garşy hem Watana hyýanat etmek aýyplamasy bilen kazyýet işi gozgaldy.

II Goşunyň ştabynyň başlygy we Malatýa Garnizonynyň serkerdesi general-maýor Awni Angun bilen II Goşunyň 2 generaly Malatýada göz tussaglygyna alyndy.

Bursada göz tussaglygyna alynan III Komkoryň serkerdesi general-leýtenant Erdal Öztürk Stambula alynyp gidildi.

Derňew işiniň çäginde göz tussaglygyna alynan Egirdir Dag Diwersant mekdebi we tälim merkeziniň serkerdesi general-maýor Metin Akkaýa bilen Ysparta Garnizonynyň serkerdesi brigada-generaly Mustafa Kurutmaz konstitutsion ulgamy güýç bilen üýtgetmek aýyplamasy bilen tussag edildi.

Balykesir Garnizonyň serkerdesi general-maýor Ahmet Akýürek, Egeý Goşunyň serkerdesi we Ştabyň başlygy general-maýor Memduh Akbilen we Harby howa güýçleri, Howa goranyş ulgamynyň serkerdesi we Ştabyň başlygy uçarman general-maýor Suat Murat Semiz hem göz tussaglygyna alynan adamlaryň arasynda,

Göz tussaglygyna alynanlaryň arasynda şeýle hem Şanlyurfa Kombrig brigada-generaly Metin Alpjan hem bar.



Degişli Habarlar