Ýyldyrym: “Dostluklarymyzy artdyrarys, duşmanlyklarymyzy azaldarys”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Türkiýäniň goňşulary bilen gatnaşyklaryny ösdürjekdigini nygtap: “Dostluklarymyzy artdyrarys, duşmanlyklarymyzy azaldarys” diýdi

527470
Ýyldyrym: “Dostluklarymyzy artdyrarys, duşmanlyklarymyzy azaldarys”

Premýer ministr Ýyldyrym Adalat we ösüş partiýasynyň Ankara welaýat bölümindäki Syýasat akademiýasynyň okuw-seminaryna gatnaşdy.

Seminarda çykyş eden Binali Ýyldyrym, dünýäde türk baýdagynyň pasyrdamaýan ýeriniň bolmandygyny belläp, Türkiýäniň ähli ýurtlara dost hökmünde garaýandygyny, mundan beýläk hem Gara deňize we Ortaýer deňizine kenardaş ýurtlar bilen dostluklaryny berçinleşdirjekdigini, düşnüşmezlikleri azaltjakdygyny aýtdy.

“Sebitimizde we dünýäde parahatçylygyň ýaýbaňlandyrylmagy üçin işjeň tagalla ederis” diýen Premýer ministr, Ysraýyl we Russiýa bilen gatnaşyklaryň kadalaşandygyny gürrüň berdi.

Premýer ministri: “Goňşularymyz bilen bolan gatnaşyklarymyzy hasam ösdüreris. Yrak bilen, Siriýa bilen, Müsür bilen, sebitdäki ähli ýurtlar bilen biziň dawalaşmagymyz, gatnaşyklarymyzyň bozulmagy üçin sebäp ýok. gatnaşyklarymyzy ösürmek üçin bolsa sebäp köp” diýdi.

Terrorçylyk we terrorçylyga garşy göreş barada-da durup geçen Ýyldyrym: “Terrory Türkiýäniň içinde gözegçilik astyna almak, gün tertibinden aýyrmak iň esasy meselämiz. Hiç kim bize nesihat bermesin. Bu operasiýalar näme üçin gutaranok, diýip soramasyn. Bu operasiýalar gutarmaz. Bu ekstremist terror guramasy asuda ilaty öldürmäge dowam eden halatynda, esgerimize, polisimize, goragçylarymyza ýarag çenäp olary şehit etmäge dowam eden halatynda, raýatlarymyzy biynjalyk eden halatynda bu operasiýalar elbetde dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar