Terrora garşy göreş arakesmesiz dowam edýär

Türkiýäniň Baş ştaby dowam edýän operasiýalar barada hasabat berdi

524837
Terrora garşy göreş arakesmesiz dowam edýär

Şyrnak welaýatynyň Beýtüşşebap etrabynda howadan uçarlaryň goldaw bermegindäki operasiýada 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Terrorçylara degişli 3 sany kalaşnikow pyýada tüpeňi, 19 sany magazin, 420 sany feýrwerk, 1 kamera, 6 sany granat we 1 sany aragatnaşyk enjamy ele salyndy.

Beýleki tarapdan bolsa Şanlyurfa welaýatynyň Akçakale etrabynda Siriýadan Türkiýä bikanun ýollar bilen geçen 2 terrorçy tussag edilen bolsa, Hakkari welaýatynda aýralykçy terror guramasyndan gaçan terrorçylar howpsyzlyk güýçlerine boýun egdiler.

Batman welaýatynyň Kozluk etrabynda bolsa howpsyzlyk güýçleri tarapyndan ýolyň gyrasyna ýerleşdirilen elde ýasalan partlaýjy madda tapyldy.



Degişli Habarlar