Prezident Erdogan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Erdogan baýramlaryň agzybirligi we jebisligi güýçlendirmek taýdan wajypdygyny belledi

523657
Prezident Erdogan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Türkiýäniň Prezident R.T. Erdogan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap edip, raýatlary we bütin yslam dünýäsini baýramlary bilen gutlady.

Yslam dünýäsiniň baýramy dartgynly ýagdaýda belläp geçýändigini aýdan Erdogan: “Yslam dünýäsi tarapyndan bellenip geçilýän bu baýramçylyk günlerinde Owganystan we Siriýa ýaly ýurtlarda, kyn zamanany başyndan geçirýän doganlarymyz bar. Gynansagam ýurdumyzdaky baýramçylyk duýgusy, terrorçylykly hüjümleriň kölegesinde geçýär” diýdi.

Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlarynda örän uly krizisleriň bolup geçýändigini bellän Prezident Erdogan ýurduň daşary saýasatyndaky özgerişlikler barada hem durup geçdi.

Ysraýyl we Russiýa bilen ýaňadandan ýola goýulan gatnaşyklaryň gelejek üçin umyt berendigini aýdan Türkiýäniň Prezidenti: “Siriýa meselesi, terror, dartgynlyklar sebäpli ýüze çykan krizisleriň hötdesinden gelip, üzülen gatnaşyklary ýaňadandan ýola goýýarys. Öňümize çykan böwetleri ýeke-ýeke aşýarys. Ýurt hökmünde güýçleneris, terror we krizisler biziň öňümizde böwet bolup bilmez” diýdi.



Degişli Habarlar