"Terror belasy bir gün size hem zeper ýetirer"

Premýer ministr Ýyldyrym Hataýda köpçülikleýin açylyş dabaralaryna gatnaşdy

522571
"Terror belasy bir gün size hem zeper ýetirer"

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym terrora goldaw berýän ýurtlara  duýduryş berdi we bir gün terror belasynyň özlerine zeper ýetirip biljekdigini aýtdy.

Premýer ministr Ýyldyrym Hataýda ilki köpçülikleýin açylyş dabaralaryna, soň bolsa agzaçara gatnaşdy.

Premýer ministr Ýyldyrym açylyş dabarasynda sözlän sözünde Stambulda guralan terrorçylykly hüjüm hakynda durup geçdi we halkara jemgyýetçiligine terrora garşy birlikde göreşilmegi üçin çagyryş berdi.

Premýer ministr Ýyldyrym “Bütin dünýä ýüzlenýäris. Uly goldaw berýän adam öldürýän şol maşynlaryňyz bir gün sizi hem ýok eder. Tutuş adamzat terrora garşy tutanýerli tutum alyp baran halatynda dünýämiz bilen birlikde Türkiýe hem durnukly bolar” diýdi.

Terrorçylaryň käbir toparlar tarapyndan gönükdirilýändigini aýdan Premýer ministr Ýyldyrym “Akýan ganyň durmagy üçin öz üstümize düşýän jogapkärçiligimizi ýerine ýetirmäge dowam ederis” diýdi.

 



Degişli Habarlar