Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ruanda gitdi

Çawuşogly Türkiýäniň Afrikadaky diplomatik wekilhanalary arkaly Afrikanyň galkynyşyna goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ruanda gitdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýe bilen Ruandanyň esasy hyzmatdaşdygyny aýtdy.

Resmi sapar bilen Ruanda giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly saparynyň çäginde ilki kärdeşi Louise Mushikiwibawo bilen duşuşdy.

Iki kärdeş wiza ýeňilligi, bilim pudagynda hyzmatdaşlyk edilmegi we daşary işler ministrlikleriniň arasynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi üçin teswirnama baglaşdy.

Duşuşykdan soň beýanat beren Çawuşogly Ruanda bilen Türkiýäniň esasy hyzmatdaşdygyny nygtady we iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Afrikadaky diplomatik wekilhanalary arkaly Afrikanyň galkynyşyna goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Daşary işler ministri Çawuşogly saparynyň çäginde Türkiýäniň Ruandadaky ilçihanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

 



Degişli Habarlar