Milli howpsyzlyk geneşiniň mejlisi geçirildi

Milli howpsyzlyk geňeşi terror guramasy PÝD/ÝPG-nin Ýewropada wekilhana açmagyna rugsat berilmeginiň hyzmatdaşlyga bap gelmeýändigini beýan etdi

498533
Milli howpsyzlyk geneşiniň mejlisi geçirildi

65-nji hökümetiň gurulmagyndan soň Milli howpsyzlyk geňeşiniň ilkinji mejlisi düýn Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.

Mejlisde terrorçylyga garşy göreşde ýetilen sepgit bilen birlikde milli howpsyzlyga wehim salýan we terror guramasy bolan parallel döwlet ulgamyna garşy görülen çäreler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Mejlisden soň çap edilen jarnamada gündogar we günorta-gündogar welaýatlarynda dowam edýän operasiýalar bilen sebitiň halkynyň gysga möhletde asuda hem-de howpsyz şertler bilen üpjün edilmeginiň nazarda tutulýandygy nygtaldy.

Jarnamada halkyň goldawyny almaýan we boýun egmekden başga çäresi bolmadyk terrorçylar bilen onuň syýasy goldaýjylarynyň sebitde ýaşaýan raýatlara wekilçilik edip bilmejekdigi beýan edilýär.

Siriýadaky içerki urşuň terrorçylykly wakalaryň ýüze çykmagyna şert döredýändigine üns çekilýän jarnamada, ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi bolan PÝD/ÝPG-niň käbir Ýewropa şäherlerinde wekilhana açmagyna rugsat berilmegine garşylyk görkezildi.

Jarnamada: “PÝD/ÝPG-niň Pragada, Stokgolmda, Berlinde we Parižde wekilhana açmagyna rugsat berilmeginiň ýurdumyzy gana bulan terrorçylara güýç berýändigi, onuň dostluga hem-de hyzmatdaşlyga bap gelmeýändigi, Türkiýäniň berilen kararyň ýaňadandan seljerilmegine garaşylýandygy nygtalýar” diýilýär.

Siriýada başdan geçirilýän wakalaryň hem seljerilendigi barada aýdylýan jarnamada Asadyň we ony goldaýan ýurtlaryň hem-de guramalaryň Halapda asuda ilaty gyrmagy ýazgaryldy.

Terror guramasy DAEŞ-iň Türkiýä garşy hüjümleriniň hem giňişleýin ara alynyp maslahatlaşylandygy barada aýdylýan jarnamada, terrordan saplanan howpsyz zolagyň we uçuşyň gadagan edilen zolagynyň döredilmeginiň ähmiýeti ýene-de bir gezek nygtalýar.

Jarnamada Warşawada geçiriljek NATO-nyň ýokary derejeli maslahatynda-da ähli agzalar üçin ynamy güýçlendiriji çäreleriň görülmelidigi beýan edilýär.

Milli howpsyzlyk geňeşiniň mejlisinde musulmanlyga garşy hüjümler we rasist hereketler barada-da giňişleýin pikir alyşylyp, soňky ýyllarda Ýewropa ýurtlarynda we ABŞ-da başdan geçirilen wakalar barada geňeşe maglumat berilendigi, syýasat, hukuk, media we jemgyýetçilik guramalary taýdan görülip bilinjek çäreleriň seljerilendigi nygtalýar.

 



Degişli Habarlar