Türkiýe Russiýa reaksiýa bildirdi

Türkiýe Russiýanyň asuda ilata guraýan howa hüjümleri bilen jenaýatçylyklaryny artdyrýandygyny beýan etdi

495964
Türkiýe Russiýa reaksiýa bildirdi

Daşary işler ministrliginin metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç “Anadoly” habarlar gullugyna Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi MAriýa Zaharowanyň Türkiýänin Siriýa hem-de Krym syýasatlary boýunça jedelleri barada beýanat berdi.

Bilgiç Russiýa Federasiýasynň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisiniň soňky günlerde Türkiýä garşy beýan edýän ýalan, ýoýulan sözleriniň we töhmetleriniň Russiýanyň 24-nji noýabrdan bäri Türkiýä garşy alyp barýan ýalňyş maglumatlandyryş we gara propoganda kampaniýasynyň bir bölegini emele getirýändigini aýtdy.

Onuň Russiýanyň Siriýada duçar bolan çäresizliginiň göwrümini hem görkezýändigini nygtan Bilgiç: “Russiýa Federasiýasy hökümetiň Siriýada hassahanalary, mekdepleri, bosgun lagerlerini nyşana alyp, himiki ýaraglary we barrel bombalary bilen birlikde ähli ýaraglardan peýdalanyp, şäherleri gabaw astyna alyp, ýaşaýjylaryny açlyga sezewar etmek arkaly adamzat jenaýatyna goşulýar, şol bir wagtda-da asuda ilata guraýan howa hüjümleri bilen öz jenaýatçylykly etmişlerini ardyrýar” diýdi.

Russiýanyň terror guramasy DAEŞ-i goldaýan we onuň bilen nebit söwdasyny edýän Siriýanyň hökümeti bilen hyzmatdaşdygyny we bir günüň bularyň hasabynyň adalatyň öňünde beriljekdigini ýatladan Tanžu Bilgiç, Russiýa Federasiýasy tarapyndan Siriýada çaknyşyklaryň dowam edýän etraplaryna daşary ýurtly terrorçy söweşijileriň nähili getirilýändigi barada halkara metbugatynda çykan habarlar bilen hem tanyş bolandyklaryny nygtap: “Rus önümi ýaraglaryň we ok-däriniň PKK, ÝPG, DAEŞ we Al Nusra ýaly terror guramalary tarapyndan ulanylýandygyny bilýäris we bellige alýarys” diýdi.

Bilgiç Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisiniň Türkiýäniň Krym syýasaty baradaky sözlerine bolsa: “Soňky ýyllarda Ukraina we Gürjistan ýaly goňşy ýurtlara gönüden we gibrit uruş usullary arkaly hüjüm eden, bütin dünýäde garşylyk döreden, alyp barýan bikanun syýasatlary sebäpli çäklendirmelere sezewar edilen Russiýanyň Krymy özüne birikdirmegi taryhda gara tegmil bolup galar. Ol Türkiýe we halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmez” diýip jogap berdi.



Degişli Habarlar