“Türk milletiniň mejlisinde günäli deputat görmek islämok”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan türk milletiniň mejlisinde günäli deputat görmek islemeýändigini nygtady

494692
“Türk milletiniň mejlisinde günäli deputat görmek islämok”

Erdogan dogulan ýeri bolan Rize welaýatynda halka ýüzlendi.

Eden çykyşynda soňky döwürde artan terrorçylykly hüjümler barada durup geçen Prezident Erdogan: “Ýurdumyza garşy oýnalýan oýunlary bilýärsiňiz, her gün şehitlerimiz bar, emma esgerlerimiz terrorçylardan jogaby artykmajy bilen alýar we almagyny dowam etdirer. 70 million ýeke millet bölmezler bizi” diýdi.

TBMM-däki el degrilmesizlik kanuny bilen baglanşykly ses berilşikler barada hem durup geçen Prezident Erdogan türk milletiniň aýralykçy terror guramasyny goldaýan adamlary mejlisde görmek islemeýändigini belläp: “Bularyň jogabyny näme üçin mejlis bersin? Adalat delolary TBMM-ne ugrdaypdyr, gidip özleri jogap bersin” diýdi.



Degişli Habarlar