“Täze Premýer ministri ýekşenbe güni agşam belli bolar”

Prezident R.T.Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň 22-nji maýda geçiriljek gurultaýynda saýlanjak täze başlygyna hökümeti gurmak üçin görkezme berjekdigini aýtdy

494169
“Täze Premýer ministri ýekşenbe güni agşam belli bolar”

Erdogan hususy teleýaýlymlardan birinde göni ýaýlyma berilen, Prezidentiň kompleksinde geçirilen ýaşlar bilen duşuşygynda ýekşenbe agşam täze Premýer ministriň belli boljakdygyny aýtdy.

Eldegirilmesizlikleriň aýrylmagy bilen bagly soraga jogap beren Prezident Erdogan, delolar baradaky soňky karary kazyýetiň berjekdigini nygtady.

Erdogan: “Bir tarapdan gel diýýärler. Gel diýýän bolsaňz onda päsgelçilikleri aýryň, gitsin kazyýete ählisi sud edilsin. Bu taýda gaçmagyň manysy barmy? Ýok. Çünki bu gün kazyýet işine çekilmeseň ertir çekilersiň. Haçan? Halk deputatlygyň gutaran güni barybir kazyýet işine çekilersiň. Bu işden gutulmak ýok. iň bolmanda Mejlisiň başyna dert bolmaň” diýdi.

Prezident dolanşygy ulgamy barada-da durup geçen Prezident Erdogan, G20-ä agza ýurtlary mysal getirip, şolaryň ýarysyndan gowragynyň prezident ulgamy bilen dolandyrylýandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan ÝB-niň wiza ýeňilligi barada bolsa iru-giç Türkiýä wiza berjekdiklerine ynanýandygyny aýtdy.

Ýewropanyň ikiýüzlilik edýändigini nygtan Erdogan: “Latyn Amerika ýurtlaryna wiza berýär, ýagny Şengene degişli edýär. Olaryň ÝB bilen näme baglanşyklary bar? Olara şol şerti döredýäň-de gepleşikleri dowam edýän Türkiýä näme üçin bereňok?” diýdi.

Terrorçylyga garşy göreş barada-da durup geçen Prezident Erdogan: “Bu işi gutarman, çözgüt tapylman, dolulygyna ýok edilmän operasiýalar bes edilmez. Bu ýurtda Türkiýe Respublikasy döwletiniň awtoritaryny, häkimiýetini we meniň milletiň asudalygy üpjün edilýänçä göreş dowam eder” diýdi.

Erdogan Siriýa we türkmenler baradaky soraga Baýyrbujak türkmenleriniň başdan geçirýän kynçylyklarynyň adaty bolmandygyny aýtmak bilen jogap berdi.

Türkiýäniň Baýyrbujak türkmenlerine ähli goldawy berýändigini we onuň dowam etjekdigini, olary hiç haçan ýeke goýmajakdyklaryny nygtap: “Türkmen daglarynyň ýeňişe ýetjekdigine ynanýaryn” diýdi.

 



Degişli Habarlar