"Taryhy we hukuky resminama bolmazdan gyrgynçylyk hakynda söz etmek ýalňyş"

Kalyn Prezident kompleksinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýanat berdi

493377
"Taryhy we hukuky resminama bolmazdan gyrgynçylyk hakynda söz etmek ýalňyş"

Prezident Diwanynyň iş dolandyryjysynyň orunbasary Ibrahim Kalyn, taryhy we hukuky resminama bolmazdan gyrgynçylyk hakynda söz etmegiň ýalňyşdygyny aýtdy.

Kalyn Prezident kompleksinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýanat berdi.

Toslama ermeni gyrgynçylygy garaýyşlarynyň dürli döwürlerde gün tertibine getirlendigini ýatladan Kalyn, bu meselede Germaniýanyň Federal mejlisinde 2-nji iýunda sese goýulşygyň geçiriljekdigini aýtdy.

Sese goýulşyga hödürlenjek taslama teksti heniz görmändigini ýatladan Kalyn, gyrgynçylyk garaýşynyň diýseň möhüm meseledigine ünsi çekdi.

Kalyn “Bu meselede taryhy we hukuky resminama bolmazdan haýsydyr bir garaýyşy beýan etmek diýseň ýalňyş” diýip belledi.

Prezident Erdoganyň Premýer ministrligi döwründe “Bilelikdäki komissiýanyň döredilmegini” teklip edendigini ýatladan Kalyn; “Gynansakda  teklibe ne Ermenistan ne-de Ermenistanyň tezislerine goldaw berýän ýurtlar jogap berdi. Bilelikdäki komissiýa 1915-nji ýylda başdan geçirýän wakalary obýektiw ýagdaýda ýüze çykardy. Biz Bilelikdäki komissiýanyň döredilmegini baradaky teklibimize ýene-de bir gezek gaýtalaýarys”diýdi.


Etiketkalar: #gyrgynçylyk , #genosit

Degişli Habarlar