Gürjistanly parlamentarlar Türkiýä minnetdarlyk bildirdi
NATO agzalygyna berilýän goldaw sebäpli Türkiýä minnetdarlyk bildirildi

Gürjistanyň Parlamentiniň Daşary işler we Ýewropa utgaşyklyk komitetleri tarapyndan ýurduň NATO agzalygyna berýän goldawy sebäpli Türkiýä minnetdarlyk bildirdi.
Daşary işler komitetiniň başlygy Tado Žaparidze bilen Ýewropa utgaşyklyk komitetiniň başlygy Lewan Berdzenişwiliniň goly bilen çap edilen we Parlamentiň resmi internet saýtynda berlen beýanatda Gürjistanyň garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri Türkiýäniň goldaw berýändigi nygtaldy.
Türkiýe bilen Gürjistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň sebitde durnuklylyga görelde bolýandygyna üns çekilen beýanatda “Türk kärdeşlerimize Gürjistanyň garaşsyzlygyna, özbaşdaklygyna we territorial bitewiligine berýän goldawlary üçin uly minnetdarlyk bildirýäris”diýildi.
Degişli Habarlar

Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär
Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 62 boldy.