13 terrorçy tussag edildi

PKK-a agza 11 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

489418
13 terrorçy tussag edildi

Mardin we Şyrnak welaýatlarynda terror guramasy PKK-a agza 11 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Terror guramasyna garşy guralýan operasiýalarda Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda 6, Şyrnakda bolsa 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Mardin Kyzyltepede Türkiýeden Siriýa geçmäge synanşan 3 terrorçy hem tussag edildi.

Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabynda guralan operasiýada bolsa 13 terrorçy tussag edildi.

Operasiýalarda köp sanly ýarag we ok-däri ele geçirildi.

Şanlyurfada çörek almaga barýan polis gullukçysyna ýüzleri ýapyk PKK-ly terrorçylar tarapyndan hüjüm guraldy.

Agyr ýaralanan polis gullukçysy hasahanada bejergi alýar.

Hüjüm bilen arabaglanşykly 6 adam hem göz tussaglygyna alyndy.

 



Degişli Habarlar