Türkiýede şu ýylyň başyndan bäri DAEŞ-e agza 463 terrorçy tussag edildi

DAEŞ-e garşy göreş dowam edýär

487594
Türkiýede şu ýylyň başyndan bäri DAEŞ-e agza 463 terrorçy tussag edildi

 

Türkiýede şu ýylyň başyndan bäri terror guramasy DAEŞ-e garşy geçirilýän operasiýada 463 terrorçy tussag edildi, göz tussaglygyna 863 adamyň 199-sy tussaghana ugradyldy

Polisiýa gullugynyň, žandarma güýçleriniň we Döwlet serhet gullugynyň bilelikde iş alyp barmaklary netijesinde gurama degişli resminamalar, ýaraglar we ok-däriler ele salyndy.

Ankaranyň Içeri işler müdürliginiň işgärleri tarapyndan geçirilýän operasiýada terror guramasy DAEŞ-iň 1-nji maýda hüjüm guramak üçin taýarlyk gören 4 agzasy göz tussaglygyna alyndy.

Göz tussaglygyna alynanlaryň Siriýanyň raýaty we söweşiň dowam edýän ýerindäki terrorçylar bilen aragatnaşykda bolandygy anyklandy.

Stambulda hüjüm guramak üçin Siriýadan gelendikleri anyklanan 2 adamyň 1-i tussag edildi, beýlekisi bolsa kazyýetiň gözegçilik etmek şerti bilen azat edildi.

Ankarada 6-njy maýda siriýaly 1 adam terror guramasy DAEŞ-e agza bolmak bilen aýyplanyp tussag edildi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri kada laýyklykda 1-5-nji maý aralygynda Siriýada terror guramasy DAEŞ-e degişli 2 müň 144 ýeri nyşana aldy, 807-si Siriýada, 365-si Yragyň demirgazygynda bolmak bilen jemi 1 müň 172 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Bundan başgada Siriýa serhedindäki serhet birikmelerine terrorçylaryň geçmeginiň öňüni almak üçin goşmaça güýç iberildi. Siriýa serhedinde terror guramasy DAEŞ-e agza 388, PÝD/PKK-a agza bolsa 82 terrorçy tussag edildi.

DAEŞ tarapyndan Kilis şäherine katýuşalar we toplar bilen guralan hüjümleriň netijesinde 8-si Siriýanyň raýaty bolan 20 adam ýogaldy, 17-si siriýaly bolan 66 adam ýaralandy.



Degişli Habarlar